Türkmenistanyň ilçisi Gurban baýramy mynasybetli Päkistanyň Prezidentiniň dabaraly kabul edişligine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň Aiwan-e-Sadr köşgünde Päkistanyň Prezidentiniň Gurban baýramy mynasybetli kabul edişligine gatnaşdy.
Diplomat Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň adyndan Päkistanyň Prezidentini rehimdarlygy, agzybirligi we özara düşünişmegi häsiýetlendirýän esasy musulman baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy bilen gutlady.