Halkara parlament geňeşiniň baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlament geňeşiniň (IPC) baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi we onda Türkmenistan bilen Halkara parlament geňeşiniň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hökmünde parahatsöýüjilikli daşary syýasata we hemişelik bitaraplyk statusyna ygrarlylygy, ýurduň dürli ugurlardaky mümkinçilikleri, iri ykdysady we infrastruktura taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň beýleki ýurtlaryň parlamentleri we halkara parlament guramalary bilen özara gatnaşyklary barada prezentasiýa görkezdi.
Päkistan tarapy Bitarap Türkmenistanyň parahatçylykly daşary syýasatyna we ýurduň Mejlisiniň alyp barýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
Soňra, parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak we häzirki döwrüň möhüm meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmäge ýardam bermek boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary we forumlary guramak ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň soňunda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.