Türkmenistanyň Ilçihanasy Yslamabatda geçirilen sebit hyzmatdaşlygy boýunça tegelek stola gatnaşdy
2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasy "Päkistany we halkara gatnaşyklary öwreniş merkezi" (COPAIR) tarapyndan "Merkezi Aziýa we Päkistan arabaglanyşygy: tagallalar we mümkinçilikler" atly tegelek stola gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän esasy strategiki infrastruktura taslamalaryna, şol sanda TOPH, TOP, CASA-1000, Özbegistan-Owganystan-Päkistan demir ýol we beýleki taslamalara aýratyn üns berildi. Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, ulag we üstaşyr arabaglanyşyklaryny ösdürmek, şeýle hem energiýa pudagyndaky özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitara arabaglanyşygy berkitmekde, energiýa we ulag howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýük gatnawlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmekde we durnukly ykdysady ösüşi höweslendirmekde ýokarda agzalan taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygy, gülläp ösmegi hem-de global söwda we logistika işjeňligine goşulyşmagy üçin möhüm faktor hasaplanýar.
Çäräniň soňunda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen mundan beýläk hem gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.