Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşdy.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleri barada belledi hem-de Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berilýär.

Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda ýapon kompaniýalarynyň goşýan uly goşandy barada belledi.

Kadzuhiko Amakawa, öz gezeginde, ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat pudagyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda işewürlik üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi barada belläp, wekilçilik edýän bankynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygy barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda ýapon tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyz bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Kadzuhiko Amakawa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.