Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasy Aziýa siwilizasiýalary jemgyýetiniň wekiliýetini kabul etdi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Päkistanyň Aziýa siwilizasiýalary jemgyýetiniň esaslandyryjysy Zulfikar Ali Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty, şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatynyň netijeleri barada prezentasiýa görkezdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Päkistanyň energiýa serişdelerine bolan zerurlyklaryny uzak möhletleýin geljekde kanagatlandyrmak üçin TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji liniýasynyň taslamalarynyň strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler. Taraplar bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Päkistanyň durnukly sosial-ykdysady ösüşinde möhüm faktor bolup, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda özara bähbitli energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga goşant goşjakdygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki doganlyk ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklary ösdürmäge gönükdirilen gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.