Türkmenistanyň Ilçisi Halkara parlamentariýler geňeşi bilen parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Halkara parlamentariýler geňeşiniň (IPC) Baş sekretary senator hanym Sitara Aýaz bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda Halkara parlamentariýler geňeşiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda özara gyzyklanma döredýän meselelerde has netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin yzygiderli gepleşikleri geçirmäge aýratyn üns berildi.
Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmäge ýardam berjek dowamly aragatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn saparlaryň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň soňunda taraplar parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.