Türkmenistanyň Ilçisi Pakistan TV edara binasyna bardy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow “PTV World” teleýaýlymynyň ýerine gelen iňlis dilindäki täze “Pakistan TV” teleýaýlymynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçisi täze teleýaýlyma interwýu berip, onda “Pakistan TV” teleýaýlymynyň ýolbaşçylaryny we işgärlerini giňişleýin döwrebaplaşdyryş işleriniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady we bu ädimiň ýaýlymyň hilini ýokarlandyrmakda we milli telewideniýäniň jemgyýetdäki ornuny güýçlendirmekde möhümdigini aýtdy.

Şeýle-de, Ilçi A.Möwlamow bu iňlis dilindäki teleýaýlymyň Päkistanyň bähbitlerini halkara derejede öňe ilerletmekde möhüm orny eýelejekdigini nygtady. Bu ugurda energiýa howpsuzlygyny berkitmäge, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we durnukly ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam berjek iri sebitara energiýa we infrastruktura taslamalaryny hem teleýaýlym arkaly hemmetaraplaýyn şöhlelelendirmegiň möhümdigini aýtdy.