Kanadanyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

photo

2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Kanadanyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Tarik Ali Hany kabul etdi.

Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Ilçisi özara ynamy berkitmäge, durnuklylygy saklamaga we sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty barada gürrüň berdi. Sebitiň energiýa arabaglanyşygyny we durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde esas bolup hyzmat edýän infrastruktura we energiýa taslamalaryň strategiki ähmiýeti barada nygtaldy.

Türkmenistanyň Ilçisi Kanadanyň täze bellenen Ilçisine Päkistandaky diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.