Päkistanda diplomatik işini tamamlaýan Efiopiýanyň Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Päkistanda diplomatik işini tamamlaýan Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Päkistandaky we Türkmenistandaky (Yslamabatda şäherinde ýerleşmek bilen) Ilçisi Jemal Beker Abdula Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi kärdeşine netijeli hyzmatdaşlygy we Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Efiopiýanyň Ilçisi öz gezeginde halkara gatnaşyklaryna jogapkärçilikli çemeleşmäniň nusgawy bolup durýan Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň halklaryň arasynda ynamy, gatnaşyklary we özara düşünişmegi berkitmäge gönükdirilen oňyn bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi. Ol Ilçi A.Möwlamowa Yslamabatdaky diplomatik korpusyň çägindäki goldawlary we dostlukly hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň halkara meýdançada iki ýurduň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.