Yslamabatda türkmen-päkistan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Päkistanyň Senatynyň Kanunçylyk boýunça ygtyýarly komitetiniň başlygy, senator Nasima Ehsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary, ýurduň energiýa mümkinçilikleri we Ýewraziýa ulag ýollarynyň çatrygynda logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň artýan roly barada prezentasiýa görkezdi. Şunuň bilen bagly, 2025-nji ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Owganystana amala aşyran saparyna we TOPH gaz geçirijisiniň "Arkadagyň ak ýoly" diýlip atlandyrylýan Serhetabat-Hyrat böleginiň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegine aýratyn üns çekildi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçirijisiniň strategik ähmiýetini nygtap, bu başlangyçlaryň Päkistanyň ýokarlanýan energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin möhümdigini bellediler. Ylaýta-da, tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün etjek bu taslamalaryň Päkistanyň Bulujystan welaýatynda ykdysady ösüşi gazanmak üçin zerurdygy nygtaldy.
Päkistan tarapy prezentasiýa üçin minnetdarlyk bildirip, energiýa, söwda we ulag ulgamlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasyny mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki taslamalary öňe ilerletmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.