Yslamabatda diplomatlaryň arasynda geçirilen Padel ýaryşynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary 2-nji ýeri eýeledi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda Yslamabatda Diplomatik korpusyň wekilleriniň arasynda geçirilen dostlukly Padel ýaryşynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary 2-nji orny eýeledi.

Ýaryş Halkara parlamentariýler kongresiniň (IPC) Baş sekretary, senator Sitara Ayaz tarapyndan, Päkistanda öňdebaryjy sanly hyzmatlar operatory bolan Jazz kompaniýasy we Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Ýaryş özara hormat, dostlukly bäsdeşlik we hoşniýetlilik ýagdaýynda geçirildi. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary ýokary taýýarlyk derejesini, utgaşykly oýny we toparlaýyn ruhubelentligi görkezmek bilen 2-nji orny eýeledi we diňe Fransiýanyň Ilçihanasynyň toparyndan bir basgançak aşakda galdy. Ýaryşda 3-nji orny Ruandanyň Ilçihanasynyň topary eýeledi.

Ýaryş ýeňijileri sylaglamak bilen tamamlandy.

Guramaçylar we gatnaşyjylar bu çäräniň diplomatik jemgyýetdäki özara düşünişmegi berkitmek üçin netijeli meýdança bolandygyny bellediler. Olar sport diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklarda dialogy ösdürmäge we özara ynamy berkitmäge mundan beýläk hem itergi berjekdigine berk ynam bildirdiler.