Türkmenistanyň Prezidenti Päkistanyň hökümet ýolbaşçylaryna Päkistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardara hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şehbaz Şarife Päkistanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany öz gutlag hatlarynda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, bar bolan mümkinçilikleri ulanmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Päkistanyň hökümet ýolbaşçylaryna berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we abadançylygy, Päkistanyň halkyna bolsa parahatçylygy, öňe gidişi hem-de gülläp ösüşi arzuw etdi.