img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gurbanguly Berdimuhamedow durnuksyz halkara ýagdaýlaryň fonunda parahatçylyga çagyrýar

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostlukly saparynyň dowamynda dünýäniň iň iri teleýaýlymlarynyň biri bolan Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna giňişleýin beýanat berdi.

Şol söhbetdeşlikden bir bölegi dykgatyňyza ýetirýäris:

Häzirki ýagdaý çylşyrymly. Ýöne, muňa garamazdan, ony kadalaşdyrmak, gapma-garşylygy aradan aýyrmak, medeniýetli gepleşikler ýoluna geçmek üçin mümkinçilikler bar diýip hasap edýärin. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň gurallary we mümkinçilikleri bar, olary ulanmak zerurdyr.

Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan gapma-garşylyklara goşulmaýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda güýç ulanmak usulyny kabul etmeýär. Munuň özi biziň üçin diňe iş ýüzündäki syýasy sorag bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak bilen bagly soragdyr. Sebäbi uruşlar, ilki bilen, adamlara, olaryň ykbalyna, durmuş ýagdaýlaryna, arzuw-hyýallaryna we umytlaryna zarba urýar.

Uruşda bularyň ählisi bir pursatda ýom-ýok bolýar. Şoňa görä-de, häzirki döwürde uruş etmek üçin tagallalary iki esse artdyrmaly däl-de, şol uruşlary aradan aýyrmak üçin on esse tagalla etmeli. Şu ýerde men geçmişde ýaşan bir parasatly şahsyýetiň sözlerini mysal getirmek isleýärin. Bu sözler orta asyr görnükli türkmen döwlet işgäri Baýram han Türkmene degişlidir. Ol: «Parahat ýaşamagy başarmak bilen deňeşdirilende, uruşda ýeňiş gazanmak hiç zatdyr» diýipdir.

orient.tm