Yslamabat şäherinde Päkistanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi Atajan Möwlamow Päkistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy dialogy işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki infrastruktura we energetika taslamalaryny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanda we Päkistanda senagat we oba hojalyk sergilerini guramak arkaly iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.