img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi MedHealth & Beauty Expo 2026 sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A. Möwlamow Yslamabat şäherinde Rawalpindi Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan MedHealth & Beauty Expo 2026 sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Päkistanyň Milli saglygy goraýyş ministri, Demir ýollar ministri, şeýle hem Päkistanda akkreditirlenen birnäçe döwletleriň Ilçileri gatnaşdylar.

Sergi saglygy goraýyş, derman senagaty, lukmançylyk tehnologiýalary, sagaldyş hyzmatlary we gözellik pudaklarynda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalary hem-de guramalary bir ýere jemläp, innowasion önümleri, hyzmatlary we pudakdaky soňky ösüşleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança boldy.

Çäräniň çäklerinde Päkistanyň birnäçe iri derman kärhanalarynyň wekilleri Ilçi A. Möwlamow bilen duşuşyklary geçirip, Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Taraplar derman senagaty ulgamynda bilelikdäki taslamalary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.