Halkara Parlamentariýler Kongresiniň Baş sekretary Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2026-njy ýylyň 4-nji awgustynda Halkara Parlamentariýler Kongresiniň Baş sekretary, senator Sitara Aýaz Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasyna bardy.
Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara Parlamentariýler Kongresiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşma geçirildi. Hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitiň parlament agzalarynyň arasynda dialogyň giňeldilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen Halkara Parlamentariýler Kongresiniň arasyndaky institusional hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatlary, tegelek stol duşuşyklaryny we parlament forumlaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle çäreleriň parlament diplomatiýasyny ilerletmek, kanun çykaryjylyk tejribelerini alyşmak hem-de sebit we global häsiýetli meseleler babatda çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edip biljekdigi bellenildi.
Türkmen Ilçisi ýurtlarymyzyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri goldady. Senator Sitara Aýaz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, bu netijeli dialog üçin hoşallygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we kanun çykaryjylaryň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlaryň üsti bilen yzygiderli dialogy dowam etdirmäge hem-de hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.