Päkistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi

Pakistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Yslamabadyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde (CGSS) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirdi.
Tegelek stola CGSS merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda halkara derejesinde dürli ugurlar boýunça geçiriljek çäreler bilen ýakyndan tanyş boldular.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şonuň ýaly-da Türkmenistanda Pakistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini teklip etdiler.
Çäräniň dowamynda, oňa gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasynyň geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly bilelikdäki taslamalar, şeýle hem bu sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde täze ulag geçelegeleriniň oňyn täsirleri barada sorag-jogap alyşdylar.