TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Jumahonzoda ýolbaşçylyk etdiler. Bu çäräniň maksady, ilkinji nobatda, işewürler toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakdan, iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň arasynda iler...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINIŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň mejlisler otagynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler ”atly mowzuk boýunça tegelek stol geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekili...
Meeting with the Rector of NUML University in Islamabad
On May 08, 2023, Ambassador of Turkmenistan to Pakistan A.Movlamov paid a call on the Rector of the National University of Modern Languages (NUML) Mr. Muhammad Jaffar. During the meeting, parties discussed Turkmenistan-Pakistan relations and the potential of cooperation in the field of science and education between Turkmenistan and NUML University. The Turkmen side made a presentation about Turkmenistan’s neutrality policy and the social-economic developments of Turkmenistan. In this regard,...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gatnaşyklar yzygiderli esasda geçirilýär. 2022-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem du...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA TÄÇ GEÝDIRMEK DABARASYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. Täç geýdirmek dabarasy Westminster ybadathanasynda geçdi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmagy dostluk, özara horma...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY BAŞ KONSULY ÖZ WEZIPELERINI ÝERINE ÝETIRMÄGE GIRIŞDI
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda EYR-nyň Baş konsuly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna öz Konsullyk patentini gowşurdy. Öz gezeginde, B.Mätiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsulyny täze işe girişmegi bilen gutlamak bilen, oňa k...