TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen t...
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdy...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Efiopiýanyň Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi A.Möwlamow Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Efiopiýanyň ilçisi Jemal Beker Abdula bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske-Selassi Amdeniň adyna şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňzindäki Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýa...
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Bangladeşiň Prezidentine ýollanan çakylyk haty Bangladeşiň Yslamabatdaky ilçisine gowşuryldy
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Bangladeş Halk Respublikasynyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Bangladeşiň ilçisi Ykbal Huseýn Han bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda türkmen tarapy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bangladeşiň Prezidenti Mohammad Şahabuddiniň adyna şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatn...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler Ministri Seýed Abbas Arakçiniň Türkmenistana sapary boldy. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-da häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada piki...
Türkmenistanyň ýardam bermegi bilen 4000-e golaý adam Watanyna dolanyp geldi
Türkmenistan ynsanperwer geçelgeleri arkaly Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýär. Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär.
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan karanama kabul edildi
2025-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, şeýle hem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere...