img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Iýun

PÄKISTANYŇ PREMÝER MINISTRI TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda, saparyň ikinji güninde, Päkistanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşykda türkmen tarapy Premýer-ministri, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky iri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişi barada maglumat berdi. Päkistanyň Premýer-ministri, Pakistanyň energiýa zerurlygyny kanagatlandyrmakda möhüm orun eýelejek TOPH ga...

DOWAMY
pic
7 Iýun

RIMDE TÜRKMENISTAN BILEN ITALIÝANYŇ ARASYNDAKY MEDENI GEPLEŞIKLER DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa saparynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa Rim şäheriniň meri Roberto Gualtieri bilen duşuşdy. Duşuşykda medeniýetara gepleşiklere we medeni mirasy gorap saklamaga aýratyn üns berildi. Taraplar, şeýle hem, Italiýada Türkmenistanyň täsin eserleriniň sergisini geçirmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Rimdäki Kapitoliý...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMENISTAN WE ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK ÜÇIN GELJEKKI ÄDIMLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Iş duşuşygynyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň degişli milli we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýan...

DOWAMY
pic
7 Iýun

MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-Naggari (oturýan ýeri Moskwa ş.) bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp m...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMEN-MOLDOWA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Waleriu Kiwer (bolýan ýeri Kiýew ş.) bilen duşuşygy geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalarynyň gowşurylyşynyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipede alyp barýan işlerine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da g...

DOWAMY
pic
7 Iýun

TÜRKMENISTAN WE PÄKISTAN ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY BERKIDÝÄR

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti, TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik geçirijisi taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iki günlük iş sapar bilen Yslamabat şäherine geldi. Şol gün Päkistanyň Energiýa ministrliginde, Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewiň, Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary A.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň, Päkistanyň Elektrik energi...

DOWAMY
pic
6 Iýun

TBILISI ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistan we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp...

DOWAMY