TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BAE bildirilen ynsanperwerlik üçin Türkmenistana sagbolsun aýdýar
2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna hatlary ýollady. Hatlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň adyndan “2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda BAE-niň awiakompaniýasynyň birnäçe gatnawlarynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde mejbury gonmagy bilen baglylykda T...
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary işler ministri Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegine aladalylygyny bildirýändigini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden ugur alýan hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen,...
Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär
Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar. Bu çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy hökmünde soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbu...
Türkmenistanyň ilçisi Gurban baýramy mynasybetli Päkistanyň Prezidentiniň dabaraly kabul edişligine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň Aiwan-e-Sadr köşgünde Päkistanyň Prezidentiniň Gurban baýramy mynasybetli kabul edişligine gatnaşdy. Diplomat Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň adyndan Päkistanyň Prezidentini rehimdarlygy, agzybirligi we özara düşünişmegi häsiýetlendirýän esasy musulman baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramy bilen gutlady.
Päkistanyň “PTV” döwlet teleýaýlymy Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa saparyny alyp görkezdi
2025-nji ýylyň iýun aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet sapary baradaky wideo reportažy Päkistanyň “PTV” döwlet teleýaýlymy 4-nji iýunda ýaýlymda görkezdi. Ýaýlymda Türkmen Liderini dabaraly garşy almak çäresi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşygynyň esasy pursatlary, şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabaralary görkezildi. Mongoliýanyň Prezidentiniň...
KHBS üçin maglumat
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu n...
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen köpçülikleýin duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ýokary döwlet derejesinde ýola goýulan açyk we konstruktiw gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy faktorlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hindistanyň Premýer-min...