RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Awg

Indoneziýanyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy

2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Ilçisi A. Möwlamow Indoneziýanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Çandra Warsenanto Sukotýony täze diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşykda taraplar söwda, maýa goýum, energiýa, ulag we logistika ýaly pudaklarda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, türkmen-indonez hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Iki ýur...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar. Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýrat...

DOWAMY
pic
29 Iýul

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ilçihanasynda Päkistanyň görnükli syýasatçysy we Diplomatik dostluk toparynyň başlygy Muhammed Ali Durrani bilen geçirilen duşuşykda, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýörelgelerini, ýurduň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini we halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri açyp görkezýän prezentasiýa görkezildi. Türkmen tarapy Päkistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňel...

DOWAMY
pic
26 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz wekilçilik edýän ýurdunda Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwl...

DOWAMY
pic
25 Iýul

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, bagtyýarlyk, Özbegistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlar...

DOWAMY
pic
24 Iýul

Yslamabatda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen Gyrgyzystanyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Kylyçbek Soltanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda A.Möwlamow gyrgyz kärdeşini täze jogapkärçilikli wezipä bellenmegi bilen gutlady we Yslamabatdaky diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi A.Möwlamow Kylyçbek Soltany diplomatik korpusyň esasy ugurlary, şeýle hem ýakyn wagtda diplomatik wekilhanalaryň wekilleri üç...

DOWAMY
pic
18 Iýul

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda bu iri çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda täsirli platforma hökmünde çykyş etjekdigi bellenildi. Türkmenistan...

DOWAMY