SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Feder...
Kanadanyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Kanadanyň Päkistana täze bellenen Ilçisi Tarik Ali Hany kabul etdi. Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Ilçisi özara ynamy berkitmäge, durnuklylygy saklamaga we sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty barada gürrüň berdi. Sebitiň energiýa arabaglanyşygyny we durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde esas bolup hy...
Türkmenistanyň we Horwatiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada wekiliýet bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radman bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwleta...
Päkistanyň sebitleýin ykdysady forumy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Päkistanyň sebitleýin ykdysady forumynyň (PREF) başlygy Harun Şarifiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow prezentasiýa arkaly Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty, ýurduň energiýa kuwwaty we logistika mümkinçilikleri barada gürrüň berip, sebitara energiýa we infrastruktura taslamalarynyň Päkistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we sebit...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti...
Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu resminama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň öňdeb...
Päkistanyň Premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasy, daşary işler, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasy, daşary işler, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça täze bellenen utgaşdyryjysy Şaherýar Memony kabul etdi. Duşuşykda Ilçi A.Möwlamow Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň parahatçylykly we netijeli daşary syýasat strategiýasy barada gürrüň berdi. Taraplar iki ýurduň a...