TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK WE ÖSÜŞ GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şol sanda amala...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ÄHMIÝETI WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN HALKARA MEDIA-FORUMYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen halkara media-forumy geçirildi. Media-foruma Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň professor-mugallymlary, milli habar beriş serişdelerimiziň wekilleri, ylmy işgärler, bilermenler, şeýle-de «МIR», «ТАSS», «...
TÜRKMEN-KOREÝ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň çäklerinde sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususan-da Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň, «Тürkmendeňizderýaýollary» we «Тürkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Koreý wekiliýetine Günorta Koreýanyň Söw...
INTELLEKTUAL EÝEÇILIK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ MESELELERINE BAGYŞLANAN WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY MASLAHAT
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň hem-de Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) halkara bilermenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň başynda, Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň bilermenleri Türkmenistanyň jemgyýetiň bähbitlerine, ykdysady ösüşine goşant goşmak bilen, döredijilik işini we innowasiýalary höweslen...
TÜRKMENISTANYŇ DEMIRÝOLÇULARY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ “TRANSMAŞHOLDING” PJ BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” Paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” APJ-niň we Transmaşholding” PJ-niň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Web-ara alyp maslahatlaşmalary...
ULAG ULGAMYNDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynd...
WECOOP “ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI” TASLAMASYNYŇ SEBITLEÝIN ÝOLBAŞÇYLARY BILEN WIDEO KONFERENSIÝA
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda WECOOP “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi pudagyndaky hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylary bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Suw dolandyryş döwlet komitetiniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň...