RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Few

SÖWEŞ SUNGATLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARYNYŇ KOMITETI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE GYZYKLANMA BILDIRDI

2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň Baş sekretary Je Kyn Çoýuň baştutanlygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki sportuň ähmiýeti barada belläp geçdiler. 2016-njy ýylda esaslandyrylan Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komiteti sport çärelerini we festiwallary, ilkinji nobatda Söweş sungaty bo...

DOWAMY
pic
4 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary O.W.Syromolotowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk wehimlerine garşy göreşmek...

DOWAMY
pic
3 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti d...

DOWAMY
pic
3 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wek...

DOWAMY
pic
2 Few

KABULDA TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky DIM-niň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy. 1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň g...

DOWAMY
pic
31 Ýan

Päkistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi

Pakistanyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde tegelek stol geçirildi 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Yslamabadyň Global we strategik meselelerini öwreniş merkezinde (CGSS) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirdi. Tegelek stola CGSS merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”...

DOWAMY
pic
31 Ýan

HINDISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Soňra taraplar ulag, energetika we ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýany bir...

DOWAMY