TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi. Akihisa Nagaşima wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serda...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Tabani Group" kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Tabani Group" kompaniýasynyň başlygy Hamza Ýakub Tabani we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Hatim Ýakub Tabani bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda dürli ugurlardaky söwda gatnaşyklarynyň mümkinçlikleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasaty, şol sanda Türkmenistanyň “Halkara parahatçyly...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şol sanda Päkistan bilen energiýa, söwda, ulag we üstaşyr hyzmatdaşlykda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň ýollary barada pikir alşyldy.
Yslamabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly seminar köp myhmanlary jemledi
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Päkistanyň Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen BMG-niň Päkistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we Yslamabat strategiki barlaglar instituty bilen bilelikde, bu institutyň binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly seminar geçirildi. Seminar iki sessiýadan ybarat bolup, oňa Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň goşmaça sekretary Saýed Haýdar Şah, Yslamabat strategiki...
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy” atly brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda ýerli metbugat wekilleri üçin “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň dowamynda Türkmenistan halkara giňişligindäki häzirki şertlerde kynçylykly ýagdaýlary döredijilikli meýdançada ýeňip geçmek üçin halkara tagallalaryny birleşdirmek hem-de munuň üçin degişli syýasy-diplom...
"Gujranwala işewürlik merkeziniň" wekiliýeti Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna bardy
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda "Gujranwala işewürlik merkezi" döwlet guramasynyň başlygy Ahmad Ikram Lonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda “Gujranwala işewürlik merkeziniň” wekilleri Gujranwalanyň Päkistanda çalt ösýän üçünji uly senagat sebiti bolýandygyny aýtdylar we türkmen işewür toparlary bilen yzygiderli aragatnaşyk gurmaga gyzyklanma bildirdiler. Türkmen tarapy myhmanlara häzirkizaman tehnologiýala...
Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň w...