SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY: ÖZARAHEREKETLERIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligindäki, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş taýdan ösüş ulgamlaryndaky gazananlaryny aýratyn belläp geçdi...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI BILEN BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ BAŞ DIREKTORY TATÝANA WALOWAÝANYŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Ženewada Milletler köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bilen täzeden wezipä bellenilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň baştutanynyň adyndan onuň möhüm diplomatiki wezipa bellenilmegi mynasybetli hoşallyk we gutlag sözlerini aýtdy. Gepleşigiň dowamynda Baş direktor Baş Assambleýanyň 74-nji s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI G.BERDIMUHAMEDOW BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI A.LUKAŞENKO BILEN DUŞUŞDY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident A.Lukaşenkonyň baştutanlygyndaky Belarus Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde 11-nji oktýabrda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yns...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI AŞGABATDA GEPLEŞIKLER GEÇIRDILER
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüş m...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Premýer-ministr N.Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky Ermenistan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlary barada pikir...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmat...
IKI DÖWLETIŇ PREZIDENTLERI TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmeni...