TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Päkistanyň sebitleýin ykdysady forumy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Päkistanyň sebitleýin ykdysady forumynyň (PREF) başlygy Harun Şarifiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow prezentasiýa arkaly Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty, ýurduň energiýa kuwwaty we logistika mümkinçilikleri barada gürrüň berip, sebitara energiýa we infrastruktura taslamalarynyň Päkistanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we sebit...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we bank ulgamynyň wekilleri bilen AÖB-nyň ýolbaşçylarynyň we degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti...
Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu resminama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň öňdeb...
Päkistanyň Premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasy, daşary işler, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjysy bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasy, daşary işler, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça täze bellenen utgaşdyryjysy Şaherýar Memony kabul etdi. Duşuşykda Ilçi A.Möwlamow Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň parahatçylykly we netijeli daşary syýasat strategiýasy barada gürrüň berdi. Taraplar iki ýurduň a...
Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, institut...
Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Hökümet Baştutanlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar. Ermenis...
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar. Maslahatyň esasy maksady geljekki onýyllyklar üçin medeni syýasatyň ösüşiniň strategik ugurlaryny işläp taýýarlamakdan hem-de medeniýeti durnukly ösüşiň esasy şertler...