RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen  ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Fara Kariminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn we köparaplaýyn esasda döwletara dialogyň esasy şertleriniň biri hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň häzir...

DOWAMY
pic
5 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 4-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslah...

DOWAMY
pic
5 Apr

Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda aýdyňlyk bilen görkezildi. Oňa iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara al...

DOWAMY
pic
5 Apr

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Täjigistanyň çagalaryna sowgat iberildi

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy t...

DOWAMY
pic
4 Apr

PDIM-niň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň baş direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we YHG bölüminiň täze bellenen baş direktory Aizaz Khan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn saparlara we bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy bilelikdäki taslamalaryň - Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçi...

DOWAMY
pic
4 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy

2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik g...

DOWAMY
pic
4 Apr

Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow...

DOWAMY