TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guramanyň ýolbaşçysyny gadymy we sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Ony Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz Kubanyçbek Ömüraliýewe alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu guramanyň türki dünýäniň döwletleriniň arasynda baglanyşdyryjy gural hökmünde hereket etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň dostlukly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Energetika, ulag-aragatnaşyk we söwda ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de tagallalary utgaşdyrmak möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi. 

Medeni-ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň gerimini giňeltmek, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky däp bolan ynanyşmak hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.