“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýewiň Päkistana iş saparynyň 2-nji güni barada
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda “Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana saparynyň ikinji gününiň çäginde, Yslamabatda Halkara Yslam Uniwersitetiniň Prezidenti professor Ahmed Saad Alahmed, uniwersitetiň Da’wah akademiýasynyň baş direktory, Faisal metjidiniň Baş ymamy we hatibi professor Muhammad Ilýas, şeýle hem Päkistanyň Bilim we hünär taýýarlygy ministrliginiň Dini bilim müdirliginiň baş direktory, Gulam Kamar bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda dini bilimler ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, özara tejribe alyşmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de ýokary derejeli dini hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäginde Türkmen wekiliýeti Yslamabat şäherindäki Halkara Yslam Uniwersitetiniň merkezi dolandyryş edarasyna, Faisal metjidine we döwletiň garamagynda bolmadyk medrese görnüşindäki “Muhammadiýýä” uniwersitetine hem baryp gördi. Wekiliýet metjidiň we medresäniň taryhy we dini-jemgyýetçilik ähmiýeti, medresede okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we yslam hukugynyň öwredilişi bilen tanyşdy.
Duşuşyklarda dini bilimleri ösdürmek, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak meselelerine üns berildi.
Türkmen wekiliýetiniň Päkistana amala aşyran bu saparynyň Türkmenistan bilen Päkistanyň arasynda dini bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge ýol açjakdygy bellendi.