AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA SEBITINDE NEŞE SERIŞDELERINIŇ ÝAÝRADYLMAGYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek maksatnamasynyň (CADAP) 7-nji tapgyrynyň Ýolbaşçy toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň, Ýewropanyň birnäçe institutlarynyň we ÝB-niň ugry boýunça alnyp barylýan maksatnamalaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň maksady CADAP-7-den garaşylýan netijeler we meýilleşdirilýän çäreler barada habar bermekden, şeýle hem maksatnamanyň wezipeleri, onuň amala aşyrylyş strategiýasy we netijeleri babatynda özara düşünişmäni berkitmekden ybarat bolup durýar.

Wekiliýetleriň baştutanlary sebitde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak işi bilen bagly ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, bu ugurdaky üstünlikleri bellediler. Şeýle hem mejlise gatnaşanlar 2023-2024-nji ýyllar üçin çäreleriň sebit meýilnamasy boýunça pikir alyşdylar.

Şu ýylyň 6-njy iýulynda CADAP-7 tapgyryň Ýolbaşçy toparynyň mejlisiniň çäklerinde «Çilim çekmegiň we alkogolly içgileri ulanmagyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň tejribesi» atly goşmaça mejlis geçirildi. Onuň maksady ilatyň saglygyny goramak hem-de gowulandyrmak babatynda täze mümkinçilikleri döretmek üçin gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň bellemegine görä, çilime we alkogolly içgileri ulanmaga garşy göreş döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler barada, şol sanda, ilatyň, ilki bilen, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň we maksatnamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.