TÜRKMEN-EMIRLIKLER HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleriň giň gerimi, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýaňy-ýakynda M.Bäşimowanyň BAE amala aşyran saparynyň we onuň dowamynda bu ýurduň daşary syýasy edarasynda we Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda geçirilen birnäçe duşuşyklaryň we çäreleriň netijeleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine olar üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny ýetirmegi haýyş etdi.