TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny, ähli türkmenistanlylara rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Täjigistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Daşary işler ministriniň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen meýilleşdirilen syýasy geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigini nygtap, saparyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň möhümdigi bellenildi we ýokary derejedäki duşuşyklaryň däp bolan hoşniýetlilik ýagdaýynda geçjekdigine, olaryň netijeleriniň bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady, medeniýet, bilim, ulag we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklara ünsi çekdi hem-de bar bolan kuwwaty doly derejede peýdalanmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki işe taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmen döwletiniň Baştutany Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.