img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Päkistanyň Yslamabat kiçi söwdagärler we we kiçi senagat edarasynda geçirilen duşuşyk

photo

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda, päkistan tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi Atadjan Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagat edarasyna bardy.

Duşuşygyň başynda Yslamabat kiçi söwdagärler we kiçi senagat edarasynyň (ICSTSI) prezidenti Sajjad Sarwar bu edaranyň agzalarynyň alyp barýan işleri barada Ilçä gürrüň berdi.

Türkmen tarapy, Türkmenistanyň hökümetiniň içerki we daşary syýasatlary barada prezentasiýa görkezdi. Şol bir sanda ýurduň ykdysady sepgitleri barada gürrüň berildi we täze gurulup ulanylyşa berilen “akylly şäher” düşünjesine esaslanýan Arkdag şäheri barada hem gürrüň berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar, Aziýa üçin energiýa talaplary, şeýle hem iş üpjünçiligi we infrastrukturany ösdürmek üçin möhüm strategiki ähmiýete eýe bolan TAPI we TAP bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekdäki öňegidişlige ýokary baha berdiler. Şol bir wagtyň özünde, Päkistan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda dolanyşygyny giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem, iki ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, önümçiligiň we ilatyň iş üpjünçiliginiň ösmeginde kiçi we orta kärhanalarynyň ornynyň ulydygy barada bellendi.