Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynda Yslamabat söwda we senagat edarasynyň wekilýeti bilen geçirilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 08-nji noýabrynda Yslamabat söwda we senagat palatasynyň Prezidenti Ahsan Zafar Bakhtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçihanasynyň (Yslamabat ş.) edara binasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar TOPH we TOP iri energiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň gidişi we sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşine etjek täsiri barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem, iki ýurdyň arasyndaky söwda dolanyşygyny giňeltmek üçin bilelikdäki söwda sergilerini guramagyň we iki ýurduň söwda toparlarynyň wekiliýetleriniň saparlaryny alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellendi.
Päkistan tarapy türkmen tarapyny Yslamabat Söwda-senagat palatasyna baryp, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.