Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi BMG-a agza ýurtlaryň wekilleri üçin geçirilen brifingde çykyş etdi

img
img
img
img
img
img

BMG-nyň agentliginiň işgärleri 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Yslamabatda akkreditlenen daşary ýurt ilçileri üçin brifing geçirdi.

BMG guramalarynyň Päkistanyň halkyny we hökümetini goldamak üçin alyp barýan işlerine bagyşlanan bu çärä BMG-nyň Pakistandaky rezident utgaşdyryjysy Muhammet yaahýa we Türkmenistanyň ilçisi Atajan Movlamow ýolbaşçylyk etdi.

BMG guramalarynyň wekilleri bilim pudagynda häzirki ýagdaýy gowulandyrmak üçin görýän çäreleri, şeýle hem soňky musson ýagyşlarynyň ýurduň ykdysadyýetine we oba hojalygyna edýän täsiri barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň ilçisi bu çärede çykyş edip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyny strategiki hyzmatdaşy hasaplaýandygyny we şonuň üçin dürli meseleler boýunça halklar bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek isleýändigini aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan kynçylyklary çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň roluny güýçlendirmeklige çagyrýandygyny aýtdy.