Türkmen ilçisi Päkistanyň Federal nebit ministri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Möwlamow Yslamabat şäherinde Päkistanyň Federal nebit ministri Musadik Malik bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň energetika pudagynda bar bolan hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, sebit üçin möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy bilen bagly meselelere seredildi. Türkmen tarapy TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny tiz wagtda durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan tagallalary üçin Päkistanyň hökümetine minnetdarlygyny bildirdi.
Öz gezeginde M.Malik Päkistan hökümetiniň TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna bolan ygrarlylygyny we taslamanyň tiz wagtda durmuşa geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmäge taýýarlygyny mälim etdi.
Duşuşygyň soňunda taraplar dürli pudaklardaky hyzmatdaşlygy dowam etmäge we mundan beýläk hem ösdürmäge ymtylmalaryny ýene bir gezek tassykladylar.