img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasyna bardy

photo

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Ýaponiýanyň bu ýurtda täze bellenen ilçisi Akamatsu Şuiçini Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda kabul etdi.

Duşuşykda A.Möwlamow Ýaponiýanyň ilçisini Päkistandaky diplomatik korpusyň ýaşaýyş we iş şertleri, şeýle hem diplomatik korpusyň duaýeniniň işi bilen tanyşdyrdy.

Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Päkistandaky täze bellenen ilçisi bilen netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlyga bil baglaýandygyny mälim etdi.

Öz gezeginde, Ýaponiýanyň ilçisi özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, wagt tapyp kabul edendigi we gyzgyn garşy alandygy üçin Türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege üstünlik arzuw edip, gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşdylar.