Yslamabatda Türkmenistanda geçirilen halkara ähmiýetli çäreleriň ähmiýeti bellenildi
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen möhüm halkara çäreleriň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gazanylan möhüm üstünlikler hem-de bolup geçen ähmiýetli wakalar barada maglumat berildi. Bu şanly ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýär.
Brifingde Aşgabat şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary döwlet we halkara derejesinde geçirilen çärelere aýratyn üns berildi. Bu çäreleriň sebit dialogyny ösdürmekde, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi ilerletmekde, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde, şeýle hem ulag we üstaşyr geçelgeleriň arabaglanyşygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, olaryň Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň beýanydygy nygtaldy.
Brifingde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem aýratyn orun berildi. Ol türkmen halkynyň durmuşynda milli ähmiýetli möhüm waka hökmünde häsiýetlendirildi. Mejlisde içerki we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garalyp, ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şeýle-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, kemala gelýän ýaş nesle goldaw bermek we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmek boýunça wezipeler bellenildi.
Mundan başga-da, sebit ähmiýetli iri bilelikdäki taslamalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisini we TOP elektrik geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň geljegi, şeýle hem ulag we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek meseleleri beýan edildi.
Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri brifingiň ýokary derejede guralandygy we giňişleýin maglumatlaryň berilendigi üçin Türkmenistanyň Ilçihanasyna minnetdarlyk bildirdiler. Olar Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen, bu çäreleriň sebit dialogyny pugtalandyrmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary ilerletmäge goşýan goşandyny bellediler.
Brifing päkistan jemgyýetçiligini Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlary, onuň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandy, şeýle hem Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrmakda möhüm meýdança boldy.