Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy” atly brifing geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda ýerli metbugat wekilleri üçin “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna” bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingiň dowamynda Türkmenistan halkara giňişligindäki häzirki şertlerde kynçylykly ýagdaýlary döredijilikli meýdançada ýeňip geçmek üçin halkara tagallalaryny birleşdirmek hem-de munuň üçin degişli syýasy-diplomatik şertleri we mümkinçilikleri döretmek boýunça zerur çäreleriň görülmegi ugrunda çykyş edýändigi barada gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025 - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” kararnamasynyň kabul edilmegi bu ýolda möhüm ädim bolup, onda BMG-niň esasy ýörelgeleri we maksatlary, has takygy ýüze çykýan dawalary parahatçylykly usullar we serişdeler bilen çözmek borçnamalary öz beýanyny tapdy.

Bu kararnama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen “Dialog parahatçylygyň kepili” diýen halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigine şaýatlyk edýär.

Halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek mümkinçligini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy” işlenip düzüldi we kabul edildi.

Brifingiň dowamynda myhmanlara Türkmenistanyň howpsuzlyk meseleleri, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmek, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goldamak, şeýle hem ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde we sportda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek bilen baglanyşykly köptaraplaýyn gurluşlaryň çäginde alyp barýan işleriniň ugurlaryny görkezýän jikme-jik prezentasiýa görkezildi.

Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.