Yslamabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly seminar köp myhmanlary jemledi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Päkistanyň Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen BMG-niň Päkistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we Yslamabat strategiki barlaglar instituty bilen bilelikde, bu institutyň binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly seminar geçirildi.

Seminar iki sessiýadan ybarat bolup, oňa Päkistanyň Daşary işler ministrliginiň goşmaça sekretary Saýed Haýdar Şah, Yslamabat strategiki barlaglar institutynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Halid Mahmud, Yslamabat strategiki barlaglar institutynyň baş direktory Sohail Mahmud, Yslamabat strategiki barlaglar institutynyň Hytaý we Päkistan barlaglary merkeziniň müdiri Talat Şabbir, BMG-niň Päkistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Ýahýa, Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Päkistandaky hemişelik wekiliniň kömekçisi Ammar Durrani, Päkistanyň Milli Goranmak Uniwersitetiniň Parahatçylygy we dawa-jenjelleri öwreniş bölüminiň müdiri Mariýa Saifuddin Effendi we Päkistanyň Hytaýdaky öňki ilçisi Masud Halid dagylar çykyş etdiler.

Ilçi A.Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we ynamy güýçlendirmek ugrundaky halkara tagallalaryny birleşdirmek we munuň üçin degişli syýasy-diplomatik şertleri we mümkinçilikleri döretmek boýunça syýasaty barada gürrüň berdi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigi we Türkmenistanyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowamyndaky işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň kabul edendigi bellenildi. Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna we kabul eden Konsepsiýasyna 2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan ýokary baha berildi. .

Şeýle hem, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjyna çärä gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

 

Seminarda çykyş edenler halkara gatnaşyklaryny oňyn akyma getirmek, halkara syýasatda özara ynamy berkitmek we halklaryň arasyndaky dialogy dikeltmek üçin şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna parahatçylygy we özara ynamy berkitmek üçin derwaýys meseleleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasaty öňe ilerletmekde dünýä derejesindäki öňdebaryjy orny üçin minnetdarlyk we goldaw sözleri aýdyldy. Häzirki wagtda bu ýörelgeleriň we maksatlaryň bar bolan ulgamlaýyn halkara meseleler bilen bagly has möhümdigi bellendi. Şeýle hem, 2025-nji ýyl diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň taryhynda ynam, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan dünýäni gurmak üçin täze gözýetimler açjak möhüm tapgyr boljakdygy nygtaldy. Çykyş edenler halkara parahatçylygy we ynamy döretmäge Türkmenistanyň tagallalarynyň we goşandynyň ähmiýetini we ýurduň işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň Türkmenistanyň global parahatçylygy gurmak ugrundaky işjeň roluny aç-açan görkezýändigini bellediler.