Yslamabatda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileriniň tegelek stoly geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Yslamabadyň Sebitleýin derňew institutynda “Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileriniň sebit hyzmatdaşlygy boýunça dialogy” atly tegelek stol geçirildi.
Çärede senator Muşahid Huseýn, Sebitleýin derňew institutynyň prezidenti Jauhar Salim hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri çykyş etdiler.
Çärede çykyş edenler sebit ýurtlaryň arasynda syýasy we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň ýollaryny öwrenmek, energiýa hyzmatdaşlygyny we sebitara arabaglanyşygy, ylmy-derňew merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we medeni diplomatiýany giňeltmek, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy berkitmek ýaly meselelere ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow öz çykyşynda TOPH we TOP ýaly öz ýurdy tarapyndan badalga berlen birnäçe uly energiýa we infrastruktura taslamalary barada gürrüň berdi. Ol TOPH transmilli gaz geçirijisiniň Serhetabat-Hyrat böleginiň gurluşygynyň başlanmagyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Şunuň bilen bagly, ilçi bu taslamalaryň sebitiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň ykdysady ösüşine itergi berjekdigi, daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirjekdigi, Päkistanda on müňlerçe goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi barada nygtady.
Şeýle hem, ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyna çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen bagly, ol Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň halkara gatnaşyklarda parahatçylygy we özara ynamy berkitmek ugrundaky halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen syýasaty barada belläp geçdi.
Çäredäki özara pikir alyşmalaryň dowamynda gatnaşyjylar halkara we döwletara gatnaşyklarynda ýüze çykýan tendensiýalar we wakalar bilen bagly parahatçylygy saklamak we özara ynamy berkitmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler.