Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi BMG-a agza döwletleriň wekilleri üçin brifingde çykyş etdi
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Yslamabat şäherinde BMG-a agza döwletleriň ilçileri üçin guramanyň agentlikleriniň ilkinji çärýekleýin brifingi geçirildi.
Bu çärä BMG-nyň Päkistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Ýahýa we Diplomatik korpusyň duaýeni, Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow dagylar ýolbaşçylyk etdiler.
Türkmenistanyň ilçisi çäräniň açylyş dabarasynda çykyş edip, BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilendigini belläp geçdi. Ol agza döwletleriň we BMG-nyň dürli agentlikleriniň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga we ykdysady ösüşe ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarynyň möhümdigini aýtdy.
BMG-nyň Päkistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Mohamed Ýahýa BMG-nyň agentlikleriniň Päkistandaky işleri we halkara ýagdaýlaryň olaryň işine edýän täsirleri barada gürrüň berdi.
Azyk we oba hojalygy guramasynyň Päkistandaky wekili hanym Florens Rolle, Päkistanda howanyň üýtgemegi we ilatyň köpelmegi azyk howpsuzlygyna howp salýandygyny belläp, ýurtda azyk üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollary barada daşary ýurt ilçilerine maglumat berdi.
Halkara zähmet guramasynyň Päkistandaky wekili Geýr Tonstol Päkistanda zähmet ülňelerini ornaşdyrmak işleriniň gidişi barada gürrüň berip, Päkistanyň Halkara zähmet guramasynyň 10 sany esasy konwensiýalarynyň 8-sini tassyklandygyny aýtdy.