img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
PÄKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY - YSLAMABAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Päkistanda diplomatik işini tamamlaýan Yragyň ilçisi Türkmenistanyň Ilçihanasyna bardy

photo

Päkistan Yslam Respublikasynda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Yrak Respublikasynyň ilçisi Hamid Abbas Lafta 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy we Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Yragyň ilçisi Päkistanda diplomatik gullugynyň dowamynda yzygiderli goldawlary, dostlukly we işjeň gatnaşygy üçin Türkmen ilçisine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Ol iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ilçisi dostlukly gatnaşygy we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsi üçin yrakly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de, ol ilçi Hamid Abbas Laftanyň Päkistandaky netijeli diplomatik işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem durnukly ösdürilmegine bil baglap, Türkmenistan bilen Yragyň arasynda ikitaraplaýyn we sebitleýin esasdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.