Yslamabatda Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Päkistanda täze bellenen Ilçisi Fred Senewiratne Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasyna bardy we Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Ilçi A.Möwlamow myhmany Yslamabatda diplomatik işine başlamagy bilen gutlady we täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlar we Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar, işewür gatnaşyklary ösdürmäge we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine itergi berip biljek dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň soňunda taraplar bar bolan diplomatik kanallary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini ulanyp, bu ugurdaky gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.