Maliýe pudagyndaky türkmen-päkistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Päkistanyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar maliýe we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar türkmen-päkistan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini nygtap, özara bähbitli taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Duşuşykda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, özara maýa goýumlary höweslendirmäge we işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň durmuş-ykdysady ösüşe we Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtadylar.