Yslamabatda Türkmenistanyň we Awstriýanyň ilçileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi A.Möwlamow Awstriýa Respublikasynyň Päkistanda täze bellenen ilçisi Wolfgang Oliwer Katçerany kabul etdi.
Duşuşykda taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlar we gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy, sebitde Türkmenistanyň bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň sebit ýurtlarynyň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmäge gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygy barada bellendi.
Duşuşykda TOPH we TOP ýaly iri halkara energiýa taslamalaryna aýratyn üns berlip, bu başlangyçlar diňe bir Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmekdäki roly bilen çäklenmän, eýsem sebitdäki energiýa howpsuzlygyny we özara arabaglanyşygy berkitmäge ýardam berýändigi bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň diplomatik gatnaşyklary saklamaga we Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.