Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça tegelek stol duşuşygy geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda Päkistan Yslam Respublikasynda (Yslamabat şäheri) ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda, Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary boýunça (LLDCs) BMG-nyň Üçünji maslahatynyň netijelerine we olary durmuşa geçirmek atly tegelek stol duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Päkistandaky Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileri gatnaşdylar.

Çäräniň gatnaşyjylary, deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň öňünde duran möhüm wezipelere bilelikde çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen BMG-niň howandarlygynda geçirilen maslahatyň netijelerine ýokary baha berdiler. Olar ulag we energetika kommunikasiýalarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň hem-de sebitde infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşykda sebit integrasiýasynyň pugtalandyrylmagy, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň çözgütleriniň netijeli durmuşa geçirilmeginiň diňe üstaşyr döwletler we halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň şertlerinde mümkin boljakdygy bellendi.

Tegelek stol duşuşygynyň ahyrynda gatnaşyjylar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmek we BMG-niň maslahatynyň netijelerini sebitiň çäginde anyk amala aşyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar.