Türkmenistanyň Ilçihanasy Bahria uniwersitetinde leksiýa berdi
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow we Ilçihananyň 1-nji sekretary (konsuly) B. Ýazow Yslamabat şäherinde ýerleşýän Päkistanyň Bahria uniwersitetine bardylar.
Türkmen wekiliýeti uniwersitetiň Baş direktory, otstawkadaky kontr-admiral Naim Sarwar hem-de Gumanitar we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniň dekany, professor Adam Saud bilen duşuşyk geçirip, onda ylym, bilim, akademiki alyş-çalyş we bilelikdäki ylmy-derňew taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykdan soňra, Ilçihananyň wekilleri "Parahatçylygy we ynamy berkitmekde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň roly" atly temada leksiýa berdiler. Ilçihananyň 1-nji sekretary (konsuly) öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty we onuň parahatçylygy we özara ynamy berkitmekdäki orny barada gürrüň berdi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan teklip edilen Global howpsuzlyk strategiýasynyň, TOPH we TOP ýaly energiýa taslamalaryň, şeýle hem 2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara forumyň ähmiýeti barada nygtady.
Leksiýadan soňra talyplar mowzuga uly gyzyklanma bildirip, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, sebitiň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak hem-de TOPH we TOP energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi bilen baglanyşykly soraglary berdiler.
Ähli soraglara Ilçi A.Möwlamowyň gatnaşmagynda jikme-jik jogap berildi. Has takygy, durnukly ösüşiň özara ynama we hyzmatdaşlyga esaslanýandygy we energiýa taslamalarynyň sebit üçin strategiki ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Şeýle-de, häzirki wagtda bilim alýan ýaş hünärmenleriň geljekde döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm rol oýnajakdyklary barada bellenildi.